Taryhy

“Türkmen Berk- Metal” hususy kärhanasy – Türkmenistandaky kir ýuwujy we ýuwujy serişdeleri öndürýän öňdebaryjy zawodlaryň biri bolup, ol Aşgabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýär. Biziň zawodymyz 2019-njy ýylyň 21-nji martynda açylyp ulanmaga berildi.

Biziň kärhanamyz Italiýa, Germaniýa we Türkiýe Respublikasynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ulanmak bilen dünýä standartlaryna laýyk gelýän öňdebaryjy öýde ulanylýan himiki serişdeleri öndürýär. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 50 000 tonna barabar bolup, bu bolsa içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyryp, daşarky bazarlara hem eksport etmäge mümkinçiligimiziň bardygyna şaýatlyk edýär. Hil dolandyryş ulgamy ISO-9001-2015 talaplaryna laýyk gelip, sertifikat ISO-14001-2015 bolsa kärhananyň daşky gurşawy goramak we hapalanmagyna garşy çäreleri alyp barýandygyna, şeýle-de öwezini dolup bolmaýan tebigy resurslary tygşytly ulanýandygyna şaýatlyk edýär.