«Ari» Päkizeligiň güýji

Washing powder automatic Made in Turkmenistan | Turkmen Berk Metal individual enterprise

Kärhanamyzda öndürilýän kir ýuwujy we arassalaýjy, tämizleýji serişdeleriň ýene bir görnüşi « Ari » söwda haryt nyşany bilen atlandyrylyp, toz görnüşli kir ýuwujy serişdesiniň awtomatiki usulda we elde, ak we reňkli geýimleri ýuwmak üçin niýetlen. Ari, ýokary hilli ýuwmagyň netijeliligni üpjün edýän maddalary bilen çuňňur arassa tehnologiýa formulasyny öz içine alýar. Dürli tegmilleri aýyrýar. Bu ýuwujy serişdelerimiz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa we hil taýdan ýokary derejeli önümlerdir.

  • Ak we reňkli matalar üçin amatly;
  • Ýumşaklygy we tämizligi üpjün edýär;
  • Ütüklemegi aňsatlaşdyrýar;
  • Pes temperaturada täsirli;
  • Kyn tegmilleri ýeňip geçýär;
  • Näzik matalara zeper ýetirmeýär;
  • Alergiýa sebäp bolmaýar;

Islendik görnişli maşynlarda ýuwmak üçin we elde ýuwmak üçin niýetlenen toz görnüşli kirleri ýuwujy serişdämiz gelip çykyşly dürli kyn tegmilleri netijeli aýyrýar. Haryt kepillendirildi. Goşundular: 5-15% Anion işjeň maddalary, polimerler, belli bir derejelerde suw ýumşadyjylar, adamlara, umuman daşky gurşawa zyýan bermeýän antisorbentler, agardyjylar, enzimler we ys berijiler goşulýar. Häzirki sodalara bildirilýän esasy talaplaryň biri-de – olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr. Sodalarymyza ýokary hilli: ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän çig mallary ulanýarys. Bu sodamyz eşiklerde yz galdyrman çalt ereýär we derrew işjeňleşýär, süýümleriň gurluşyna çuňňur aralaşyp tegmilleri aýyrýar, reňkli zatlaryň ýagtylygyny saklaýar, hiç hili reňkini soldurmaýar we Liliýa gülleriniň ajaýyp hoşboý ysyny döredýär. « Ari » ýuwlan eşikler başdaky hilini we reňkini uzak wagtlap saklaýar. Reňkli pagtadan, zygyrdan, sintetiki süýümlerden taýýarlanan mata önümlerini dürli gatylykdaky suwlarda ýuwmaklyk üçin niýetlenen. 350-360 gr kordon gaplara we 2.5 kg, 5 kg, 8 kilogram aralykda poletilen gaplara gaplanýar. Döwrebap gaplama dizaýynly we amatly elýeter nyrhly bolup, ekologiýa taýdan arassa bolup önümlerimiz sertifikatlaşdyrylan. Saklanyş möhleti 24 aý