«Arýa» serişdeleri

Washing powder automatic Made in Turkmenistan | Turkmen Berk Metal individual enterprise

«Türkmen Berk – Metal» hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän tämizleýji we arassalaýjy serişdelerimiziň iň naýbaşylarynyň ýene bir görnişi «Arýa» haryt söwda nyşany bilen atlandyrylyp bu önümlerimizi lezzet bilen ulanýan köp sanly alyjylara mälimdir. Öndürýän önümlerimiziň hemmesi laboratoriýa gözgçiliginden we synaglardan üstünlikli geçdi. Laborotoriýa synaglarynyň netijelerine görä, bu önimlerimiz ähli kanuny taraplara laýyk gelýändigini tassyklandy we ýokary hilli we ygtybarly diýip ykrar edildi. Bu poroşok we beýleki serişdelerimiz düýbünden howpsyz.

Islendik görnüşdäki kir ýuwýan maşynlarda ýuwmak üçin şeýle hem elde ýuwmak üçin niýetlenen «Arýa» kir ýuwujy serişdämiziň ak we reňkli egin-eşikler üçin 2/1, ak reňkli egin-eşikler üçin, reňkli egin-eşikler üçin, hatda täze dogulan çagalar üçinem ulanmaga mümkinçilik berýän çaga eşikler üçin we sport eşikler üçin elde we awtomatik usulda kir ýuwujy serişdeler öndürilip, olar toz görnüşinde bolup 350, 360, 400 gramda kagyz gaplara we 2.5; 2.7; 3; 5; 8; 25 kilogram aralykda poletilen gaplara gaplanýar. Mundan başga ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri bolan tegmil aýyryjy, gaty üstler üçin suwuk görnüşli arassalaýjy we ýuwujy, agardyjy, lagym açyjy we arassalaýjy serişdesiniň suwuk we toz görnüşlerini, antibakterial zyýansyzlandyryjy serişdeler şeýle hem kir ýuwujy enjamlaryň uzak ömür hyzmat etmesi üçin suw ýumşadyjy serişdelermizi hödürleýäris:

«Arýa» kirleri ýuwujy serişdämiziň aýratynlyklary barada aýdanymyzda, bu kir ýuwujy poroşok ajaýyp ýumşaklygy we täzeligi üpjün edýär, ütüklemegi aňsatlaşdyrýar we antistatiki täsire eýe bolup ýokary hilli ýuwmagyň netijeliligini üpjün edýän işjeň maddalary bilen çuňňur arassa tehnologiýa formulasyny öz içine alýar. Dürli tegmilleri netijeli aýyrýar.

«Arýa» ýuwmagyň iň ýokary derejesini üpjün edýär: poroşok eşiklerde yz galdyrman çalt ereýär, suwa degen badyna ereýär we derrew işjeňleşýär, tegmilleri aýyrmaga kömek etmek üçin ýörite formula matanyň süýmlerine çuňňur aralaşýar, reňkli zatlaryň ýagtylygyny saklaýar şeýlelik bilen, «Arýa» kir ýuwujy serişdämiz, kir ýuwmagyň arassalygy we täzeligi bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemme taraplaýyn çözýär. Diýmek, mata ýuwlandan soň reňki solmaz, başdaky durkyny ýitirmez, gaty we gödek bolmaz.

emay

Gigiýeniki gorag

Elleri we derini täsirli we ygtybarly dezinfeksiýa etmek üçin «Arýa» gigiýeniki antibakterial tämizleýji odekolon 70° etil spirtli 400 ml pürküji görnüşde; 5 lt önümleri hödürleýäris.

Islendik ýerde arassaçylyk möhümdir bu serişde öz aýratynlygy bilen bakteriýalary 99.9 % ýok etmäge ukyplydyr!!!

El üçin gigiýeniki goraýjy serişdesi diňe bir zyýanly bakderiýalary ýok etmek bilen çäklenmän, eýsem, ellerimizi birnäçe sagadyň dowamynda bakteriýalardan hem gorap saklaýar.

Öziňiziň we öz ýakynlaryňyzyň ellerini dezinfeksiýa etmek üçin «Arýa» gigiýeniki tämizleýji odekolony ýagny 99.9 % hil kepillendirilen önümi saýlaň!

«Arýa» lagym açyjy

Jaýlarda, kwartiralarda we iş otaglarynda suw geçiriji turbalaryň dykylmagy çynlakaý we ýakymsyz meseledir, köplenç kanalizasiýany arassalamak ýa-da ýörite şol ugurda işleýän santehnik çagyrmaly bolýarsyňyz. Öýüňizde dykylan kanalizasiýa turbasyny özbaşdak arassalamaga synanşdyňyzmy? Munuň nähili agyr we wagt talap edýändigni anyk bilýärsiňiz. Dykylan böwetleri nädip arassalamaly. Biz size «Arýa» lagym açyjy serişdämizi hödürlemek bilen kanalizasiýa turbalardaky bökdençlikleri ýok etmegiň çalt we täsirli usulyny, ýagny 5 minudyň dowamynda arassalamagyň üstünligini kepillendirýäris. Bu serişde islendik böwetleri çalt arassalamak üçin mynasyp göreşiji. Bu serişde, kanalizasiýa turbalarynda emele gelen iň kyn böwetleri aňsatlyk bilen eredýän granulaly önümdir. 80 gr kardon gutuda 40gr agramlykda 2 sany arassalaýjy birleşme bar.

Gaýnag suw bilen garylanda, granulanyň düzüm bölekleri işjeňleşýär: Himiki reaksiýanyň netijesinde turbalardaky suwy gyzdyrýan köp mukdarda ýylylyk çykýar we ergin ýaglardyr beýleki galyndylary aňsatlyk bilen eredýär we lagymdaky böwet ýok bolýar! Bu serişde turbalaryň islendik görnişi üçin howpsuz, suw bilen şeýle işjeň reaksiýa garamazdan, «Arýa» lagym açyjy serişdesi kanalizasiýa turbalaryň materiýalyny poslatmaýar, eger plastmas hem bolsa hiç hili zyýan bermeýär.

«Arýa» lagym açyjy serişdesi nähili ulanylýar? Munyň üçin size ne arassalaýjy polatdan ýasalan kabil, ne-de rizinden dykylary açyjy gerek däl. Diňe iki haltajyk (80 gr 2x40) serişdesini alyp, ýokary gyrasyndan kesmeli. Soňra bolsa içindäki granulany dykylan rakowina ýa-da hammama umuman dykylan turbalaryňyza guýyň. Adatça güýçli böwetleri ýok etmek üçin (80 gr 2x40) arassalaýjy gerek we öňini almak üçin (1 x40gr) biri ýeterlikdir. Gündelik durmuşda «Arýa» lagym açyjy serişdesini ulanyň, kanalizasiýa dykylmagy meselesini ýatdan çykararsyňyz.

«Arýa» suw ýumşadyjy> (colgon) serişdesi

Ulanmak zerurlygy kir ýuwýan maşynyň işleýişi wagtynda suwuň hili, enjamyň elementlerine täsir galdyrýar. Işleýiş wagtynda kesmek emele getirýär we enjamyň bozulmagyna sebäp bolup bilýär. Enjamyň işleýiş ýagdaýyny uzaltmak üçin, «Arýa» suw ýumşadyjy serişdesi suwuň täsirniň öňini alyp biljek himiki önümdir. Önümimiziň aýratynlygy – ýuwmagyň hilini ýokarlandyrýar, sebäbi bu poroşok hereketi güýçlendirýär, bu bolsa ýuwmak üçin tozany tygşytlaýar, ýumşak suwda hapany aýyrmak üçin az mukdarda zerurlyk bar şeýle hem enjamyň gyzdyryjysynda kesmegiň döremeginiň öňini alýar, hyzmat möhletini uzaldýar. «Arýa»>, maşynda ýuwmak üçin suwy ýumşatmaga mümkinçilik berýän himiki maddalardan taýýarlanan önümdir. Esasy elementi, kalsiý ionlary bilen täsirleşende, suwyň reaksiasyny berýän natriý tripolifosfat bolup, gatylygy peseldýär. Bu serişde enjamyň ähli möhüm elementlerine peýdaly täsir edýän suwy ýumşadýar.

Geýimleriňize tötänden ýa-da bir taý sebäpden tegmil degdimi, munuň üçin zadyňyzy taşlamaga ýa himçistka bermek we keýpiňizi gaçyrmak gerek däl, käbir öý-hojalykçy aýallar egin-eşiklere degen tegmilleri aýyrmak üçin gije (7-8 sagat) az mukdarda suw, bol mukdarda poroşok tegmiliň üstüne guýup guýmak kyn tegmilleri aýyrmaga kömek edýändigini öňe sürýärler. Bu usul töwekgelçiliklidir. Egin-eşikleriň üstünde uzak wagtlap serişdeli suwa ezip goýmak reňkiň ýitmegine, matanyň durkynyň könelmegine hatda deşikleriň döremegine hem sebäp bolup biler. Şular ýaly ýagdaýda biziň tegmilleri aýryjy serişdämiz ulanmak üçin iň amatly serişde bolup siziň dadyňyza ýetişer.

«Arýa» tegmil aýyrjy oxi actioni > serişdesi bilen islendik nokatlary, tegmilleri aýyrmak, hatda aýyrmasy kyn bolan, çaýyň, kofanyň, otyň, miweli içgileriň, şirinlikleriň, çakyrlaryň, syýanyň, ýaglaryň, sowuslaryň, gan we kosmetikalardan galan tegmilleri arassalamak üçin galyndylary netijeli aýyrmana ukyply bolup egin-eşiklerňizi soldurmaýar we durkuny hiç hili üýtgetmezden galyndylardan arssalaýar şeýle hem ýakymsyz yslary hem aýyrýar. Şeýlelik bilen bu serişde kyn tegmilleri aýyrmak üçin iň täsirli serişdedir.

«Arýa» agardyjy serişdäniň aýratynlyklarynyň biri-de, guran tegmilleri aýryp, matanyň solan reňkini öňki kaddyny dikeldýändigindedir. Tegmilleri aýyrmal, emal ýuwmak, farfor, gap-gaç ýuwmak, plastiklar, plastmassa, hapa gaplary, sanitar-tehniki enjamlar üçin niýetlenendir.

Bu serişde matalaryň berkligini saklaýar, aklygyny goraýar, parlak tämizlik we tegmilleri aýyrmak güýjine eýedir.

emay

Arassalamagyň usullary:

Öýde bakteriýalarň has köp ýygnanýan ýerlerinde arassaçylyk işlerini geçirmek üçin siziň dadyňyza «Arýa» agardyjy serişdämiz ýetişer. Bu serişdäniň bar ýerinde tämizlik bar, arassaçylyk bar, saglyk bar!!!!

Gapy tutawaçlaryny, çyranyň ýakyp-öçürýän düwmeleri we has köp ellenilýän beýleki ýerleri ýygy-ýygydan agardyjy serişdämiz bilen arassalamaly. Aşhananyň poluny hem ýygy-ýygydan ýuwmak maslahat berilýär. Şeýtseňiz, onuň ýüzünde döräp biljek ýagjymak gatlagyň emele gelmeginiň öňini alarsyňyz. Bu serişde diňe hapalary aýyrmak bilen çäklenmän eýsem, ýakymsyz yslary hem aýyrýar.

Öýlerde agardyjy serişdesini ulanmaly. Mikroorganizimleri ýok etmek üçin arassalamagyň usullaryny we düzgünlerini ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Aýratyn üns berilmeli ýerler

Agardyjy serişdelerini ulanan ýagdaýyňyzda elleriňizi goramak üçin hemişe ellikleri geýmek hökmandyr.

Otaglarňyzyň howasyny täzeläp durmagy hem ýatdan çykarmaly däl.

«Arýa» Bio tämizleýjiň gabynyň daşynda nirelerde, nähili ýagdaýda ulanylmalydygy barada ýörite gözükdirmeler bar.

Bio arassalaýjy we tämizleýji serişdämiz hajathana, hammam, rakawinalary umuman ähli gaty ustleri tämizlemekde taýsyz güýje eýedir ol diňe bir göze görünýänleri däl hatda has kiçi, ýagny mikroorganizmleri ýok etmek we olaryň köpel-megini togtatmak üçin niýetlenendir.

Öýde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işi geçirilýän wagty bir ýa-da birnäçe gezek ula-nylýan ellikleri geýmek, şeýle hem arassalaýjy serişdeleriň ýüze syçramagynyň öňüni al-mak saglygymyz üçin ähmiýetli bolup durýar.