«Emaý» GALYNDYLARDAN GORAÝJY TEHNOLOGIÝALY AJAÝYP ÝUWUJY SERIŞDE

Washing powder automatic Made in Turkmenistan | Turkmen Berk Metal individual enterprise

Kärhanamyz tarapyndan öndürilýän kir ýuwujy we arassalaýjy serişdeleriň her biri öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar.

Arassaçylyk we tämizlik zenanlaryň iň nazik ýeri bolany üçin adyndan belli bolşy ýaly “Emaý” kir ýuwyjy we tämizleýji, arassalaýjy serişdelermizi ulanmak maslahat berýäris. Netijede Emaý bilen gelin – gyzlaryň işini ýeňleýär we wagtlaryny tygşytlaýarlar. Tämizlik we päkizeligiň iň ýokary derejesi Emaý bilen!!!>

« Emaý » haryt nyşanly toz görnüşli kirleri ýuwyjy serişdeleriň ýokary hilli elde we awtomatiki usulda ýuwujy serişdelerinden başgada arassalaýjy we tämizleýji serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy, olar :

  • - Dürli ölçeglerde awtamat we elde ýuwmak üçin kir ýuwujy serişdeler
  • Suwuk görnüşli gaty üstler üçin tämizleýji serişdesi
  • Suw ýumşadyjy serişdesi
  • Suwuk görnüşli agardyjy serişdesi
  • Turbalardaky lagymy arassalaýjy serişdeleri

“Emaý” kir ýuwujy serişdesi barada aýdylanynda, bu kir ýuwujy serişde kärhanamyzyň ýokary hilli önümleriniň biri bolup durýär “Emaý” haryt nyşanly toz görnuşli kir ýuwyjy serişdämiz:

Egin-eşigiň durkuny hiç hili üýtgetmeýär. Şunlukda, «Emaýa» ýuwlan eşikler başdaky hilini we reňkini uzak wagtlap saklaýar. «Emaý» adyndan belli bolşy ýaly, siziň geýimleriňizi tämizlemek bilen çäklenmän, eýsem olary ýumşadýar, jana ýakymly, rahat ýagdaýa getirýär.>

Egin – eşikleri tämizlemek, berkligini we asyl durkuny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, bägül gülleriniň ter we hoşboý ysyny hem döredýär. Bu kir ýuwujy serişdä diňe bir tämizlik däl, kämilligem mahsus.Ýagny, islendik egin-eşige ýokuşan düýpli tegmili edil bolmadyk ýaly edip aýyrýar.>

Reňkli pagtadan, zygyrdan, sintetiki süýmlerden taýýarlanan mata önümlerini dürli gatylykdaky suwlarda ýuwmaklyk üçin niýetlenen. Bu sodamyzyň düzüminde optiki agardyjylar, ys berijiler, sodanyň tegmil aýryjy aýratynlyklaryny ýokarlandyrýan, şeýle hem matanyň gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylar, ýuwujy erginlerindäki kir zerrejikleriniň yzyna zatlara siňmegine ýol bermeýän polimerler bar. Şeýle hem onuň düzüminiň belli bir derejelerde suw ýumşadyjylar, adamlara, umuman daşky gurşawa zyýan bermeýän antisorbentler, agardyjylar we ys berijiler goşulýar. Hazirki sodalara bildirilýän esasy talaplaryň biri-de – olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr. Munuň üçin fosfatlary we düzüminde hlor bolan serişdeleri ulanmadyk. Sodalarmyza ýokary hilli ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän çig mallary ulanýarys. Ýagny Türkiýeli hyzmatdaşlardan ýüzleý işjeň maddalary, Balkan welaýatynyň Garabogaz kölünden gazylyp alynýan ýerli ýokary hilli çig mallar natriý sulfaty, Ispaniýadan ys berijiler alynýar.

Öý bikelermiziň işlerini ýeňil we çalt amala aşyrmaklary üçin olara ýardam berýän awtomat kir ýuwyjy enjamy üçin Emaý (colgon) suw ýumşadyjy serişdämizi hödürleýäris! Emaý (Colgon) suw ýumşadyjy serişdesi size kir ýuwujy enjamyňyzy arassalamaga we onuň size uzak ömür hyzmat etmesine ýardam berer. Kir ýuwyjy enjamyňyzyň arassa we uzak ömür hyzmat etmesi üçin Emaý ulanmaklygy maslahat berýäris. Emaý suwy ýumşatmak üçin we kesmegiň döremeginiň öňini alýan serişde!!!

emay

Islendik enjamy talabalaýyk ulansaň, onuň ulanyş möhleti uzaga çekýär. Nädogry ulanylan zat wagtyndan öň bozulýar. Öý bikeleriniň işini ep-esli derejede azaldýan kir ýuwujy enjamlar hem şeýle. Egin-eşikleri reňki we öndürilen materiýaly göz öňünde tutulman, garyşdyryp ýuwmak kir ýuwujy enjamyňyz üçin zyýanlydyr. «Arassalaýjy se-rişdeler näçe köp ulanylsa, eşikler şonça-da arassa bolar» diýen pikir hem dogry däldir. Aşa köp ýuwujy serişde guýulsa, enjam ony arassalap ýetişmeýär. Şeýlelikde egin-eşik-lerde arassalaýjy serişdäniň galyndylary galýar we enjamyň suw gyzdyryjysy durli gyzgynlyklarda ýuwulup kepeklemek bilen bozulýar, bu ýagaýyň öňini almak üçin « Emaý » Colgon suw ýumşadyjy serişdesini ulanmak iň dogry netijedir.

Kir ýuwujy enjamyňyzy « Emaý » Colgon suw ýumşadyjy serişdesi bilen ýu-wulsa, döräpbiläýjek käbir tehniki näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam berer we kir ýu-wujy enjamy arassalamaga şeýle hem onuň size uzak ömür hyzmat etmegini üpjün eder.

Gaty üstler üçin tämizleýji serişde – tämiz öý

Özimizi iň rahat duýýan ýerimiz öýimiz bolsa gerek. Öýmiziň rahatlgy aýratyn hem arassalygy ýaşaýşymyza we saglygmyza täsiri ulydyr. Şonuň üçin öýde arassaçylygy saklamak, zyýanly wiruslary we bakderiýalara garşy zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek zerurdyr. Bu işde size ýardamçy bolmak üçin Gaty üstler üçin tämizleýji serişdämiz mynasyp göreşijidir.

Gaty üstler üçin tämizleýjiň gabynyň daşynda nirelerde, nähili ýagdaýlarda ulanylmagy barada ýörite görkezmeler bar.

Häzirki wagtda arassaçylyk serişdeleriniň gaty köp görnüşi bar. Bu serişde suwuk görnişli bolup, ony ýerine görä peýdalanylan ýagdaýda netije berýär. Ýagny aşhana, hajathana, rakowina, wannalarda öýüň içinde köp ulanylýan we galtaşylýan ýerleri yzgiderli arassalamak has wajypdyr.

Bu arassalaýjy we tämizleýji serişdämiz aşhanada , hajathanada , rakowina, wannalarda umuman ähli gaty üstleri tämizlemekde taýsyz güje eýedir. Ol diňe bir göze görünýänleri däl, hatda göze görnüp duran däl-de has kiçi, ýagny mikroorganizimleri ýok etmek we olaryň köpelmegini togtatmak üçin niýetlenendir.

« Emaý » Agardyjy sertişdäniň aýratynlyklarynyň biri-de, guran tegmilleri aýyryp, matanyň solan reňkini öňki kaddyna dikeltmedindedir.

emay
  • Matalaryň berkligini saklaýar;
  • Aklygyny goraýar;
  • Parlak tämizlik;
  • Tegmilleri aýyrýar;

Sagdyn durmuş üçin iýmitlenmek we maşk etmek bilen bir hatarda arassaçylyk düzgünlerini hem aýratyn üns bermeli. Mikroblaryň we wiruslaryň ýok edilmegi keselleriň köpüsinden uzak durmak üçin möhümdir.

Eýsem, öýlermizi nähilli arassalamaly?!

Öýde bakteriýalaryň has köp ýynanýan ýerlerinde arassaçylyk işlerini geçirmek üçin siziň dadyňyza Emaý agardyjy serişdämiz ýetişer. Gap-gaçlary, aýnalary, pollary, aşhanada, hammam otagynda we beýleki gaty üstleri arassalamak üçin ulanylsa mikroply bakteriýalardan öýňizi we ýakynlarňyzy goradygnyz bolar.

Egin-eşikleri matasynyň görnüşine görä mümkin bolan iň ýokary gyzgynlykda ýuwmaly.

Gapy tutawaçlaryny, çyranyň ýakyp-öçürýän düwmeleri we has köp ellenilýän beýleki ýerleri ýygy-ýygydan agardyjy serişdämiz bilen arassalamaly. Aşhananyň poluny hem ýygy-ýygydan ýuwmak maslahat berilýär. Şeýtseňiz, onuň ýüzünde döräp biljek ýagjymak gatlagyň emele gelmeginiň öňini alarsyňyz. Bu serişde diňe hapalary aýyrmak bilen çäklenmän eýsem, ýakymsyz yslary hem aýyrýar.

« Emaý » lagym arassalaýjy serişdesi öziniň täze güýçlendirilen fotmulasy bilen aşhanadaky, hammamlardaky, rakowinalardaky, lagym turbalarynda ýygnanýan ýag dykynlaryny, düşen saçlardan, nahar galyndylarnydan açmak üçin niýetlenendir!

Ulanyş usuly

Hapalardan, ýaglardan biten rakowinalara we wannalara ýygnanan suwy aýyrmaly. Super lagym açyjy serişdämizi seresaplyk bilen dykylan turba guýmaly we üstünden 2-3 litr gaýnag suw guýmaly, (şondan çykan bugdan dem almaly däl..!!!) Biraz wagtdan soňra bol mukdarda sowuk suwy guýmaly.

Dykylan turbalarňyz indi « Emaý » turbalardaky lagym arassalaýjy serişdesi bilen 5 mindiň dowamynda arssalap bilersiňiz, biz size ýokary hilli dereje aljaňyza güwä geçýäris!

Kärhanamyzyň ýuwujy we tämizleýji serişdeleri halkara hil standartlaryna laýyk gelip, daşary ýurtlarda öndürilýän meňzeş harytlar bilen aňsatlyk bilen bäsdeşlige girip bilýär. Biziň önümlermiz netijeli we howpsuz tämizligi üpjün edýär.