«Güneş» - bu şöhle saçýan tämizlik we deňiz salkynlygy

Washing powder automatic Made in Turkmenistan | Turkmen Berk Metal individual enterprise

Kärhanada öndürilýän kir ýuwujy we arassalaýjy, tämizleýji serişdeleriň ýene bir görnüşi « Güneş » söwda haryt nyşany bilen atlandyrylyp, toz görnişli kir ýuwyjy serişdesiniň awtomatiki usulda we elde, ak we reňkli geýimleri ýuwmak üçin niýetlenip, başgada suw ýumşadyjy, tegmilleri aýyryjy, gaty üstleri tämizleýji, agardyjy we turbalardaky lagymy arassalaýjy serişdeleri öndürilýär. Bu ýuwujy serişdelermiz içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň arasynda ulu meşhurlyk bilen tapawutlandy we dünýä standartlaryna laýyk gelýan, ekologiýa taýdan arassa we hil taýdan ýokary derejeli önümlerdir.

« Güneş » kir ýuwyjy serişdesi dürli hapalary-kirleri ýa-da tegmilleri aýyrmak üçin kämilleşdirilen işjeň formulaly iň oňat toz görnüşli ýuwujy serişdedir. Bu serişde ak we reňkli zatlar üçin tegmilleri we yslary aýyrmak üçin ajaýyp çözgütdir. Arassalygy üpjün edýän işjeň maddalaryň täsiriniň utgaşmasy netijesinde tegmile göni hereket edip, hatda kyn tegmilleri hem netijeli aýyrmaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özinde, reňk goraýjy komponentler zatlaryň ýagtylygyny saklaýar, zygyr matanyň reňkiniň ýitmeginiň öňini alýar. « Güneş » toz görnişli serişdämiz diňe bir täsirli ýuwmak bilen çäklenmän, matany seresaplylyk bilen hem alada edýär. Ýagny eşikleriň könelmeginiň we ýyrtylmagynyň alamatlaryna garşy göreşýär. « Güneş » serişdesi isle elde, isle kir ýuwjy enjamlarda ýuwlanda ýakymly ys, ýakymly duýgular we şöhle saçýan parlak tämizlik we päkizelik üçin mynasyp göreşijidir.

Her näçe arassa görünýän hem bolsa, kir ýuwyjy enjamda her gezek ulanylandan soňra, azda-kände tozn we kir-kimir galyndylary ýygnanýär we kesmekleýär.Arassa bolmadyk enjam ýakymsyz yslaryň we ýuwulan egin eşiklerňizde tegmilleriň döremegine we işiňiziň artmagna getirer. Şol sebäpli her gezek « Güneş » suw ýumşadyjy serişdesini ulanmagy öziňize endik ediniň. « Güneş » Colgon suw ýumşadyjy serişdesi bilen kir ýuwýan enjamyňyz kesmeklemez we size uzak ömür hyzmat eder.

emay

«Güneş» vanish oxi Actioni serişdämiz ilkinji ulanyşda islendik hapalary we tegmilleri hatda aýyrmasy kyn bolan syýa, kofe, makiýaž, ýaglar, sowuslar we ş.meňzeş galyndylary aýyrmana ukyply, özem nähili matýerýaldygna garamazdan egin-eşiklerňizi soldurmaýar we durkuny hiç hili üýtgetmezden galyndylardan arssalaýar ýakymsyz yslary hem aýyrýar.

Turbalaryň dykylmagyna garşy: «Güneş» turbalardaky lagym arassalaýjy bir gezeklik ulanmak üçin toz görnuşli we köp gezeklik ulanmak üçin suwuk görnüşili serişdelermiz turbalara dykylan saçlar, nahar galyndylaryny, ýaglary we islendil kyn böwetleri derrew eredýär. Bu serişde turbalaryň ähli görnüşleri üçin howupsuz bolup ulanmak üçin amatly we ygtybarly.

«Güneş» lagym arassalaýjy serişdesi öziniň täze güýçlendirilen fotmulasy bilen aşhanadaky, hammamlardaky, rakowinalardaky, lagym turbalarynda ýygnanýan ýag dykynlaryny, düşen saçlardan, nahar galyndylarnydan açmak üçin niýetlenendir!

Ulanyş usuly

Hapadalardan, ýaglardan biten rakowinada ýa-da wannada ýygnanan suwy aýyrmaly. Super lagym açyjy serişdämizi seresaplyk bilen dykylan turba guýmaly we üstünden 2-3 litr gaýnag suw guýmaly, (şondan çykan bugdan dem almaly däl !!!) Biraz wagtdan soňra bol mukdarda sowuk suwy guýmaly.

Dykylan turbalarňyz indi “ Güneş ” turbalardaky lagym arassalaýjy serişdesi bilen 5 mindiň dowamynda arsssalap bilersiňiz ýokary hil derejä aljaňyza güwä geçýäris!

«Güneş» gaty üstler üçin suwuk görnişli arassalaýjy we ýuwujy serişdesi hajathanalary , hammamlary, rakawinalary şeýle hem ähli gaty ustleri ýokary hilli ýuwýar ýagy we hapalary tämizleýär bakteriýalara garşy işjeň göreşip uzk wagtlap arassalygy üpjün edýär.

«Güneş» - atly söwda haryt nyşany bilen atlandyrylan ýuwyjy we arassalaýjy serişdelermiz importyň ýerini tutýan eksporta niýetlenip önümlerimiz assortimentiň dürliligi, döwrebap gaplama dizaýnly we amatly elýeter nyrhly bolup hili taýdan ýokary, ekologiýa taýdan arassa bolup önimlermiz sertifikatlaşdyrylan.