«SAR» TEGMILLERDEN GORAÝJY WE AÝAZLY TÄMIZLIK

Washing powder automatic Made in Turkmenistan | Turkmen Berk Metal individual enterprise

«Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanamyz tarapyndan öndürilýän kir ýuwujy serişdeleriň ýene bir toz görnişi döretdik we “SAR” diýen haryt nyşany bilen atlandyrdyk. Bu kir ýuwujy serişdämiz hem öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar hapalary aýyryp, ýagtylygy saklap bilýär, ilkinji ýuwmak derejesi 30° C –da ýuwanyňyzda hem kemsiz tegmilleri aýyrýar, ýakymsyz yslary aýyrýar. Sodamyzyň düzüminde optiki agardyjylar, fosfatlar, polikarboksilat, ys berijiler, tegmilleri aýyryjylar, 5-15% anion işjeň maddalary, enzimler, fermentleri öz içine alýar. Anionik surfaktantlar hapalaýjylary ýok etmekde esasy kömekçilerdir. Fosfatlar –suwy ýumşadýar we önümiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Polikarboksilat poslama garşy serişde, egin-eşikde galyndy galdyrmaýan ygtybarly ereýän polimerdir. Matalaryň gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylary ulanduk we bu ýuwujy serişdämiz mata süýümlerine zeper ýetirmän hapalary ýuwýar. Şeýle hem, reňkiň ýitmeginiň ýa-da beýleki zatlaryň reňklenmeginiň öňini almak üçin reňk stabilizatorlary we beýleki maddalar bar.

  • Islendik reňk we mata görnüşi üçin amatly;>
  • Çalt ereýär;
  • Poroşok eşiklerde yz galdyrmaýar;
  • Reňkli zatlaryň ýagtylygyny saklaýar;
  • Tygşytly;

«SAR» toz görnüşli kir ýuwujy serişdesiniň awtomatiki usulda we elde, ak we reňkli geýimleri ýuwmak üçin niýetlenip, 400 gr kordon gaplara we 3 kg, 6 kg, 9 kilogram aralykda poletilen gaplara gaplanýar. Döwrebap gaplama dizaýynly we amatly elýeter nyrhly bolup, ekologiýa taýdan arassa bolup önümlerimiz sertifikatlaşdyrylan. Saklanyş möhleti 24 aý